Arhiw

Adaty karateniň türkmenistanly ussatlary Ysraýyldaky ýaryşda ýedi medal eýelediler

01:0503.03.2015
0
3705

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.

Duşenbe güni Ysraýylyň Netanýa şäherinde tamamlanan adaty karate boýunça halkara ýaryşynda adaty karateniň türkmenistanly ussatlary ýedi: bir altyn, üç kümüş we şonça bürünç medallara mynasyp boldular. Bäsleşige ýedi döwletden 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Biziň toparymyzdan Rüstem Annaýew hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdy. Ol ýetginjekler toparynda şahsy tutluşyklarda tapawutlandy.

Ýaryşyň hut şu usulynda Röwşen Hudaýberenow kümüş, Selim Myratdurdyýew bolsa bürünç medallary eýelediler. Selim ýetginjekleriň arasynda toplumlaýyn maşklarda hem (kata) bir baýraga — kümüş medala mynasyp boldy.

Ulularyň toparynda çykyş eden Diýar Hojaýew katada we tutluşyklarda kümüş we bürünç medallary gazanmagy başardy. Döwlet Berdiýew bolsa şu toparda toplumlaýyn maşklarda bürünç medal eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň