Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlanýar

00:0603.03.2015
0
3472

Aşgabat, 03.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlanýar.

Nobatdaky türkmen-türk gepleşikleri netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berilmegine gönükdirilip, şol hyzmatdaşlyk dostlugyň hem-de doganlygyň mizemez gatnaşyklaryna, taryhyň dowamynda türkmen we türk halklarynyň medeni we ruhy däp-dessurlarynyň kemala gelen umumylygyna esaslanýar.

Türkmen Lideriniň saparynyň çäklerinde Türkiýäniň iri işewürlik merkezi  hasaplanýan Stambul şäherinde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty guralar. Oňa  gatnaşmak üçin Türkiýäniň işewür toparlaryna wekilçilik edýänleriň 600-e golaýy hem-de dünýädäki ýurtlaryň 40-dan gowragynyň,  halkara guramalarynyň we bank edaralarynyň wekilleri çagyryldy. Bu maslahat türkmen ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri, maýa goýumlary babatdaky mümkinçiliklerini aýdyň görkezip, dünýäniň işewür toparlary bilen ysnyşykly we işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam beriler.

Daşary ýurtlaryň, aýratyn-da, türk metbugatynyň ýokary derejede geçiriljek duşuşyga şeýle içgin üns bermegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Žurnalistler, syýasaty öwrenijiler, işewür toparlar bu sapara däbe öwrülen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolundaky nobatdaky ädim hökmünde baha bermek bilen çäklenmän, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary giňeltmegiň hem-de dostlukly iki ýurduň döwleti ösdürmek boýunça  ilkinji nobatdaky wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has netijeli  usullaryny gözlemek hökmünde garaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň