Soňky habarlar

Arhiw

Gunça Myradowanyň işleri Halkara zenanlar gününe bagyşlanýar

21:3502.03.2015
0
10004

Aşgabat, 02.03.2015. “Türkmenportal”.

Ýazyň ilkinji günleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaş suratkeş Gunça Myradowanyň Halkara zenanlar güni bolan 8-nji marta bagyşlanan şahsy sergisi açyldy.

Gunça Myradowa 1999-njy ýylda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesini, 2005-nji ýylda bolsa Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlady. 2006-2008-nji ýyllar aralygynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda işledi. Zehinli suratkeş 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymçylyk edýär. 2011-nji ýyl Gunça Myradowanyň döredijiliginde aýratyn şowly ýyl boldy. Bu ýyl suratkeşiň zehini ýokary sylag bilen bellenildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň alty asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şeýle hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy boldy.

Bu sergide Gunça Myradowanyň taryhy žanra degişli 30-dan gowrak žiwopis eserleri, ýerine ýetiren portretleri ýerleşdirilipdir. Zenanlara degişli portretler olaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Bir ýagdaýda zenan portreti belli adamlaryň keşbini ebedileşdirmäge niýetlenen, onuň esasy häsiýetleri hökmünde keşbi takyk berip bilmek, onuň içki dünýäsini açyp görkezmek ýaly aýratynlyklar orta çykýar (“Şa zenany”, “Zöhre”, “Şasenem”). Beýleki halatlarda suratkeşiň bar ünsi nusganyň durnukly häsiýetlerine, şahsy we tertipleşdirilen aýratynlyklara gönükdirilendir. (“Gelin”, “Näzik”, “Ogulşat”, “Tansçy”, “Gyzym”).

Gunça Myradowanyň şahsy sergisi öz işini 2015-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam etdirer.

Portalymyzyň okyjylary Gunça Myradowanyň sergide görkezilen işleri bilen “Fotoreportaž” rubrikamyzda tanşyp bilerler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň