Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýada obany kärendesine almagy teklip etdiler

00:0902.03.2015
0
3018

Aşgabat, 02.03.2015. “Türkmenportal”.

Wengriýanyň günbatarynda ýerleşýän Magýer obasynyň häkimiýetleri öz ilatly ýerlerini dynç alyş günlerine kärendesine almagy teklip etdiler. Bu barada jofogas.hu wenger bildirişler saýtynda habar berilýär.

210 müň forint tölese (780 dollar töweregi), obanyň täze eýesini meriň orunbasary wezipesine bellemegi wada berýärler.

Meriň täze orunbasaryna obadaky köçeleriň we geografik desgalaryň atlaryny üýtgetmäge-de hukuk beriljekdigi bellenilýär.

Obanyň tutýan umumy meýdany 150 müň kwadrat metre barabardyr.

Bu ýerde hemişelik esasda 26 adam ýaşaýar. Ilatly nokadyň häkimiýetleri syýahatçylykdan geljek girdejileri artdyrmak maksady bilen, obany kärendesine bermek kararyna geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň