Soňky habarlar

Arhiw

“Rostowyň” düzüminde iki türkmen futbolçysy çykyş eder

00:0702.03.2015
0
6920

Aşgabat, 02.03.2015. “Türkmenportal”.

20 ýaşly eýranly türkmen Serdar Azmun 2014-2015-nji ýylyň möwsüminiň ahyryna çenli oýunça hukugy bolan Kazanyň “Rubini” bilen gazanylan ylalaşyga görä, “Rostow” futbol klubunda kärendesine çykyş eder. Hüjümçi S. Azmun Don boýundaky şäheriň toparynyň düzüminde 20-nji belgide oýnar diýip, “Rostowyň” resmi saýty habar berýär.

Serdar futbol bilen 9 ýaşynda meşgullanyp başlady. 11 ýaşynda ilkinji gezek Eýranyň 12 ýaşa çenli bolan ýygyndysyna çakylyk aldy. 15 ýaşyndan başlap ýurduň ýokary diwizionynda çykyş edýän Yspyhanyň “Sepahan” toparynda oýnady. 17 ýaşynda, ýagny 2012-nji ýylyň dekabrynda Kazanyň “Rubinine” geçmek bilen, taryhda daşary ýurtlarda çykyş edýän ilkinji ýaş eýranly futbolçy boldy.

Ol 2013-nji ýylyň oktýabrynda ilkinji gezek Eýranyň milli ýygyndysyna çagyryldy. Serdar bu toparyň düzümine ilkinji gezek ýoldaşlyk duşuşygynda Çernogoriýa garşy geçirdi, şonda ol 60-njy minutda oýna girdi. Milli ýygyndynyň düzümindäki ilkinji pökgüsini Günorta Koreýanyň garşysyna bolan duşuşygyň 68-nji minutynda geçirdi. Şu ýylyň ýanwarynda Awstraliýada guralan Aziýanyň Kubogy-2015-e gatnaşyp, iki pökgi geçirmegi başardy.

Golaýda “Rostowa” ýene bir türkmen futbolçysy geldi. Öň Kazanyň “Rubininde” we Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynda çykyş eden 23 ýaşly Wahyt Orazsähedow Don boýundaky şäheriň toparyna erkin hukukly oýunçy hökmünde goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň