Soňky habarlar

Arhiw

TDH-niň habarlar hyzmatdaşy AzerTAdž 1-nji martda 95 ýyllygyny baýram etdi

00:0602.03.2015
0
3217

Aşgabat, 02.03.2015. “Türkmenportal”.

TDH-niň habarlar hyzmatdaşy bolan Azerbaýjanyň ilkinji milli habarlar agentligi AzerTAdž 1-nji martda 95 ýyllygyny baýram etdi.

1920-nji ýylyň 1-nji martynda döredilen AzerTAdž ýeňil bolmadyk ýol geçse-de, ynamdar we dogruçyl habarlar çeşmesi bolmagynda galdy.

Häzirki günde bu agentlik ýedi dilde: azerbaýjan, iňlis, rus, fransuz, nemes, arap we hytaý dillerinde habarlary ýaýradýar. Şeýle hem wideo-saýt we çagalar bilim portaly hereket edýär.

AzerTAdž sosial setlerde hem giňden ýaýbaňlandyrylandyr. Agentligiň azerbaýjan dilindäki Facebookdaky hemişelik okyjylarynyň sany 110-müň adama golaýlaýar. YouTube-de bolsa AzerTAdž-yň wideomateriallaryny 1,6 million gezek görlendigi hasaba alyndy.

Häzirki wagtda AzerTAdž dünýäniň 130 döwleti bilen habar alyşmagyny dowam etdirýär. Hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklara dünýäniň 34 agentligi bilen gol çekildi. Olaryň arasynda TDH-niň hem bardygyny bellemek gerek.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň