Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçysy “Rostowyň” düzümine goşuldy

16:3201.03.2015
0
20502

Aşgabat, 01.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysyndaky çykyşlary bilen ýatda galan 23 ýaşly hüjümçi Wahyt Orazsähedow Russiýanyň premýer-ligasynyň “Rostowynyň” düzümine goşuldy. Bu toparda 17-nji belgide çykyş etjek türkmen futbolçysy erkin hukukly oýunçy hökmünde geldi diýlip, “Rostow” futbol toparynyň resmi saýtynda aýdylýar.

Wahyt Orazsähedow “Abadan” sport klubunyň we SDÝUŞOR-yň uçurymydyr. Ol 10 ýaşdan başlap SDÝUŞOR-yň tälimçisi Robik Danelýansyň elinde türgenleşdi. 14 ýaşyndan Kiýewiň DÝUSŞ-15-inde kämilleşdi. Ol ýerden bolsa Kazanyň “Rubinine” geçdi.

Bu toparyň ýaşlar düzümindäki ilkinji möwsüminde 16 ýaşly futbolçy 24 oýunda 7 pökgi geçirdi. “Rubiniň” esasy düzüminde ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda Russiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 1/16 finalynda Tweriň “Wolgasyna” garşy geçirilen duşuşykda ýaşyl meýdana çykdy. Aradan üç ýyl geçensoň, premýer ligada Nižniý Nowgoradyň “Wolgasyna” garşy geçirilen duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna girdi.

W. Orazsähedow 2012-nji ýylda Nižnekamskiniň “Neftehimiginde”, 2014-nji ýylda Kişinýowyň “Daçiýasynda” 2014—2015-nji ýyllarda Türkiýäniň “Osmanlysporynda” oýnady.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndy toparynyň düzüminde muhmançylykda Indoneziýanyň we Siriýanyň toparlaryna garşy geçirilen duşuşyklaryň hersinde bir pökgi geçirmegi başardy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň