“Türkmenistanyň käbir tebigy zolaklarynyň ösümliklerini öwrenmek” atly ylmy maslahat geçirildi

0
599
0
0

Aşgabat, 01.03.2015. “Türkmenportal”.

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda “Türkmenistanyň käbir tebigy zolaklarynyň ösümliklerini öwrenmek” atly ylmy maslahat geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Ylmy maslahata bu institutyň şol sanda Botanika bagynyň işgärleri, alymlar, aspirantlar gatnaşdylar.

Maslahatda institutyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow we uly ylmy işgäri Maral Sahatowa çykyş etdi.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitiniň ösümlik örtügi”, “Hazarýaka pesliginiň we Türkmenbaşy belent tekizlikleriniň peýdaly ösümlikleri” diýen temalarda çykyşlar diňlenildi.

Şeýe-de aspirantlar hem maslahata gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda “Altyn asyr” türkmen kölünden we Bathyzyň florasyndan söhbet açdylar. 

Alymlar ýurdumyzyň ösümliklerini öwrenmek, olary goramak, köpeltmek hem-de peýdaly häsiýetlerini netijeli ulanmak bilen bagly garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etdiler.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru