Türkmen talyplarynyň halkara internet Olimpiadasyndaky üstünligi

01:1801.03.2015
0
5559

Aşgabat, 01.03.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Halkara internet Olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular” diýip, “Нейтральный Туркменистан” gazrti habar berýär.

Ylym we döredijilik jemgyýeti tarapyndan guralan Olimpiadada telekeçilik hem zähmet hukugy ugry boýunça marketing fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Annageldi Atabaýew bilen 3-nji ýyl talyp Sylapberdi Öwezow 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler.

Menejment fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ogulşirin Meretliýewa zähmet hukugy boýunça intellektual marafonda 3-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Gunça Hojagulyýewa bilen Şirin Mämmedowa fewral aýynyň ikinji ýarymynda Kazan şäherinde sosiologiýa dersi boýunça geçirilen Halkara internet Olimpiadasynyň ýeňijisi bolupdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň