2015-nji ýylyň mart aýynda bolmagyna garaşylýan howa çaklamasy

0
2056
0
0

Aşgabat, 01.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky gidrometeorologiýa baradaky Milli komitetiň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistan boýunça mart aýynda bolan howa ýagdaýlary baradaky köpýyllyk maglumatlar esasynda gysgaça häsiýetnama taýýarlandy. Şol häsiýetnamada şeýle diýilýär:

-Mart bahar paslynyň ilkinji aýy bolup, onda howanyň temperaturasy durnuksyz ýagdaýda saklanýar.

Mart aýynda ýurdumyzyň günortadan tropiki guşaklygyň ýyly howasynyň aralaşmagy netijesinde, howa maýlaýar.

Demirgazykdan sowuk howa akymlary aralaşan ýagdaýynda howanyň gysga wagtlaýyn sowamagyna şaýat bolunýan wagtlary-da seýrek duşmandyr.

Köpýyllyk gözegçilikleriň netijesinde, howanyň iň ýokary temperaturasynyň +29...+32 gradus maýyl, iň aşaky temperaturasynyň -11...-17 gradus sowuk bolandygy hasaba alnypdyr.

Köpýyllyk maglumatlara görä, bahar paslynda howadaky we toprakdaky giçki çigreklere mart aýynyň ikinji ýarymynda gözegçilik edilip, bu döwürde howanyň ortaça aýlyk temperaturasy +10 gradusa çenli we ondan hem maýyl bolupdyr.

Mart aýynda ýagynyň aýlyk mukdary Balkan we Ahal welaýatlarynda 14-45 millimetre, Mary we Lebap welaýatlarynda 21-67 millimetre, Daşoguz welaýatynda 15-28 millimetre deňdir.

Aýyň başynda gar örtüginiň emele gelmegine we şol günleriň sanynyň ortaça 1-2 güne deň bolandygyna gözegçilik edilipdir.

Ýyldyrymyň çakmagyna esasan mart aýynyň ahyrynda ýurdumyzyň günorta etraplarynda gözegçilik edilipdir.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru