Soňky habarlar

Arhiw

Ol baharyň ilkinji güni dünýä indi

01:0001.03.2015
0
16239

Aşgabat, 01.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün, baharyň ilkinji güni öz gysga ömründe XX asyr türkmen edebiýatynda uly yz goýan şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda gezip ýörenliginde 75 ýaşamalydy.

Ol 1940-njy ýylyň 1-nji martynda dünýä indi, 35 ýyldan soň — 1975-nji ýylyň güýzünde bolsa aramyzdan gitdi. Şeýle gysga ömür menzilinde şahyr häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň arasynda öz mynasyp ornuny tapdy.

Gurbannazar Ezizow, onuň döredijilik mirasy barada döwürdeşleri, pikirdeşleri, ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçylar, žurnalistler tarapyndan köp zat ýazyldy we aýdyldy. Ýöne şahyryň döredijiligi hakyky şahyr sungaty hökmünde egsilmez, köpgyraňly dünýä bolmagynda galýar.

Her täze nesil bu ýiti zehiniň döreden eserleri bilen tanşyp, özi üçin ony täzeden açýar, şahyryň döredijiligi barada özüçe pikir ýöredýär.

Gaýtalanmajak özboluşly şygryýeti onuň geçen asyryň 60-njy ýyllarynda şygyr sungatyna gelen ýaşlaryň öňbaşçysyna öwrülmegine getirdi. Mundan başga-da, ol 60—70-nji ýyllaryň türkmen edebiýatynyň täze ugurlaryny esaslandyran şahyrlaryň biridir.

Gurbannazar Eziziow döredijiligi halkymyzyň dürli neslini birleşdirýän seýrek şahyrlaryň biridir. Ol — häzirem biziň aramyzda, biziň ählimiz üçin eziz.

 “www.turkmenistan.gov.tm” saýtynyň materialy boýunça taýýarlandy.

Gurbannazar Ezizowa we türkmen baharyna bagyşlanan fotoreportaž.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň