Türkmenistandan bolan futbolçy Ermenistanyň ýygyndysynda çykyş edermi?

00:1801.03.2015
1
5505

Aşgabat, 01.03.2015. “Türkmenportal”.

“Ufanyň” derwezeçisi Dawid Ýurçenko Ermenistanyň ýygyndysynda çykyş etmäge isleg bildirdi. Ol eýýäm bu ýurduň futbolunyň ýolbaşçylary bilen bolan gepleşikleriň barşynda muňa razylyk berdi.

“Men Ermenistanyň ýygyndysyna goşulmaga razydygymy mälim etdim. Russiýanyň çempionaty tamamlanansoň, tomusda ähli meseläni jikme-jik maslahatlaşarys. Häzir daşary ýurtly oýunçylar bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň düzgüni gutarnykly kesgitlenenok, şonuň üçinem häzir belli bir zat diýmek kyn. Ähli meseläni tomusda çözeris” — diýip, Ýurçenko aýtdy.

28 ýaşly derwezeçiniň Türkmenistandandygyny, Aşgabatda rus-ermeni maşgalasynda doglandygyny ýatladýarys diýip, “gündogar-news.com” habar berýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň