Soňky habarlar

Arhiw

TDH we AMI hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

16:3928.02.2015
0
3911

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi we Azerbaýjanyň Trend halkara habarlar agentligi habar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekdiler diýip, Trend habar berýär.

Bakuwda bu resminama TDH-niň başlygy Bekdurdy Amansaryýew bilen Trend AMI-niň baş direktory Ilgar Guseýnow gol çekdiler.

Resminama laýyklykda, taraplar täze habarlary, analitik makalalary, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-gumanitar ugurlaryna degişli fotosuratlary alşarlar.

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýetleriniň, şeýle hem iki ýurduň çäginde geçirilýän beýleki hökümetara başlangyçlarynyň we çäreleriniň habar-maglumat goldawyny üpjün etmek babatda ýygy hyzmatdaşlygy alyp barmagy göz öňünde tutýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň