Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda internet giňişligine çykarmak üçin täze web-saýt taýýarlanyldy

03:4228.02.2015
0
9485

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Internet giňişligine çykarmak üçin Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan üç — türkmen, iňlis, rus dillerindäki täze web-saýt taýýarlanyldy.

Täze saýt giň gerimli baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynyň habarlar arkaly beýan edilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Internet-serişde öz okyjylaryna ýurdumyz, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça  Türkmen döwletiniň daşary syýasy ugruna laýyklykda alnyp barylýan işler hakynda makalalary we beýleki maglumatlary hödürlär.

Bu internet-serişde dünýä tejribesinde özüni gowy tarapdan görkezen Django enjamynda tiz we howpsuz ýerine ýetirilen ilkinji türkmen saýty bolup durýar.  Web-saýt üçin ýörite wirtual serwer hödürlendi, şeýle hem sahypalaryň çalt çykarylmagyna mümkinçilik berýän PostGreSdl serweri işe girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň  20 ýyllygyna bagyşlanan web-saýtyň işiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň