Soňky habarlar

Arhiw

Kaka etrabynda täze suw howdanynyň gurluşygy alnyp barylýar

03:1328.02.2015
0
3598

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgançaý derýasynda täze suw howdanynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Gurluşygynda döwrebap tehnologiýalar we serişdeler ulanylýan täze desga göwrümi 500 müň kub metr bolan, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen suw howdanyny öz içine alýar. Gidrotehniki toplumyň düzümine sil suwlaryny toplamak we olary netijeli ulanmak maksady bilen, göwrümi 5,2 million kub metr bolan emeli suw howdany girýär.

Häzir bu ýerde ýagyş suwuny ýygnamak işleri dowam edýär, häzire çenli 1 million 200 müň kub metrden gowrak suw ýygnaldy. Gozgançaý derýasyndan suw akabalarynyň we suw göteriji bekediniň gurluşygy dowam edýär. Umuman, bu desganyň işe girizilmegi daýhan birleşiklerini agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Oba hojalyk ýerleriniň 1,5 müň gektary suw bilen üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň