Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi şu gün birnäçe täze kanun taslamalaryna garar

02:5428.02.2015
0
2937

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün sagat 9-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçiriler.

Milli parlamentiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibinde birnäçe täze kanun taslamalaryna garalar. Olaryň hatarynda “Söwda-senagat edarasy hakynda”, “Ekstremizme garşy hereket etmek hakynda”, “Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda”, “Demir ýol ulagy hakynda”, “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar. Şeýle hem milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge, hukuk tertibini pugtalandyrmaga, daşky gurşawyň goralyşyny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge, daşary syýasat babatda kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanun taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň