Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunçysy Boliýan Samarkandyň “Dinamosyndaky” ilkinji goluny derwezä girizdi

01:2228.02.2015
0
6937

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Boliýan Samarkandyň “Dinamosynyň” düzümindäki ilkinji goluny derwezä girizdi. “Dinamonyň” resmi saýty  (“www.fcdinamo.uz”) şol goluň Namanganyň “Nowbahory” bilen geçirilen oýunda hasaba alnandygyny habar berýär.

 Şol oýnuň 12-nji minutynda Azamat Bobojonow namanganlylary öňe çykardy. 40-njy minutda Dilşod Jabborow hasaby 2:0-a ýetirdi. Türkmenistanly hüjümçi Aleksandr Boliýan 68-nji minutda “Nowbahoryň” derwezesine bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

  “Şagadamyň” ozalky oýunçysy Aleksandr Boliýany Samarkandyň “Dinamosyna” Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Täçmyrat Agamyradow çagyrdy.  

  Ol geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalyna we Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň kubogyna eýelik etdi.

Aleksandr Boliýanyň 2012-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň iň köp tapawutlanan oýunçysyna goýlan baýraga mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň