Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary halkara olimpiadasynda 15 medala we höweslendiriji baýraga eýe boldular

01:1928.02.2015
0
19689

Aşgabat, 28.02.2015. «Türkmenportal».

ABŞ-nyň Matematika Assosiasiýasynyň guramagynda geçirilýän “Mirror of William Lowell Putnam Mathematical Competition” halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň matematika fakultetiniň talyplary üç altyn, üç kümüş we dokuz bürünç medallar bilen birlikde, iki höweslendiriji baýraga eýe boldular.

75-nji gezek geçirilýän bu halkara olimpiada Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Çehiýadan, Gruziýadan, Polşadan, Russiýadan, Ukrainadan, şeýle hem Türkmenistan döwletimizden 350-ä golaý talyp gatnaşdy.

Halkara internet olimpiadasyndan 15 medal getiren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň talyplary Pälwan Agamyradow, Kerwen Durdymyradow we Röwşen Hajyýew altyn medala, Babanyýaz Agambaýew, Gurtmyrat Motukow we Ýusupbaý Ermetow kümüş medala, Kerwen Hojamämmedow, Atajan Muhadow, Agaserdar Ýollyýew, Ilşat Waliýew, Begenç Akyýew, Oraz Hommadow, Serdar Hojaýew, Allaberdi Temirow we Alyşir Gurbanow dagy bürünç medala mynasyp boldy. Agajan Ýazmyradow bilen Hojamyrat Arazow halkara olimpiadanyň höweslendiriji baýragyna eýe boldular.

Ylmy bäsleşikde 17 talypdan ybarat bolan türkmen toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow ýolbaşçylyk etdi.

Şu ýylyň 3- 8-nji martynda Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň matematika bäsleşigi geçiriler. TDU-nyň matematika fakultetiniň talyplary bu bäsleşige-de gatnaşmagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň