Futbol janköýerleri, tagapyl edin: çempionlyk ugrundaky ýaryşyň başlanmagyna alty gün galdy

0
1081
0
0

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

5-nji martda Aşgabatda AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýeleriniň — HTTU-nyň we “Balkanyň” duşuşygy bilen Türkmenistanyň ýokary ligasynda 23-nji çempionat badalga alar.

Edil geçen ýylda bolşy ýaly, dört aýlawda geçiriljek milli çempionatyň medallary ugrunda 10 topar güýç synanyşar. Diňe ýaryşa gatnaşýanlaryň sanawynda az-kem üýtgeşmeler bar. Geçen ýylkydan tapawutlylykda, bu çempionatda Lebap welaýatyna wekilçilik etjek topar bolmaz, çünki “Bagtyýarlyk-Lebap” hereket etmesini bes etdi. “Talyp sporty” hem hut şu sebäbe görä, ýaryşa gatnaşanok.

Ýokary ligada bu toparlaryň ýerine Marynyň “Energetigi” bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazynasy” çykyş ederler.

Milli futbol çempionatynyň ilkinji tapgyry 6-njy martda “Ahal” bilen “Energetigiň” arasyndaky oýun arkaly dowam edip, 7-nji martda “Altyn asyr” — “Hazyna”, “Daşoguz” — “Şagadam”, we “Merw” — “Aşgabat” duşuşyklary bilen jemlener.

2015-nji futbol möwsüminiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi AFK-nyň Kubogy — 2016-da biziň ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazanarlar.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru