Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň “Mizan” işewürlik merkezinde türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi

22:4127.02.2015
0
2992

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

26-njy fewralda Aşgabadyň “Mizan” işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas   Ahmad Ahundi Eýranyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändigini hem-de  yzygiderli  geçirilýän ykdysady maslahatlaryň we sergileriň, dürli derejelerdäki wekiliýetleriň saparlarynyň  muňa degerli ýardam berýändigini belledi.

Işewürler maslahatynyň barşynda guralan aýry-aýry tanyşdyryş çäreleri ýol gurluşygy we awtoulaglar, şäheriň  abadançylygy, nebitgaz we himiýa pudaklary boýunça taslamalary bilelikde amala aşyrmak üçin oňaýly mümkinçiliklere  bagyşlandy. Şeýle hem söwda-ykdysady ulgam, dokma senagaty, oba hojalygy, azyk önümlerini öndürmek we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Garalan meseleleriň arasynda kiçi we orta telekeçiligiň derejesindäki işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamynyň ösüş depginini göz öňünde tutup aýdanyňda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň örän oňaýly bolup görünýändigi bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde goňşy iki ýurduň dürli pudak edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi, şol duşuşyklaryň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berip biljek bilelikdäki täze taslamalary işläp düzmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň