Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Prezident Hasan Ruhaniniň Türkmenistana boljak saparyna uly ähmiýet berilýär

17:5327.02.2015
0
2960

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutany we myhman işewür gatnaşyklary höweslendirmekde we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň, şeýle hem yzygiderli geçirilýän sergileriň hem-de işewürler maslahatlarynyň möhüm ornuny bellediler. Söwda-ykdysady ulgam bolsa şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we taraplaryň häzirki ýagdaýlary hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar. Şunda myhman Eýranda Prezident Hasan Ruhaniniň Türkmenistana boljak saparyna hem-de Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýändigini aýratyn belledi. Şol gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň