Pagta egriji fabrigiň ilkinji ýubileýi

0
574
0
0

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

“Daşogzuň pagta egriji fabrigine 5 ýyl boldy. Bu kärhana ýurdumyzyň dokma senagatynyň iň iri we aňrybaş derejede häzirki zaman önümçilik toplumlarynyň biridir” diýip, “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Fabrikde “Marzoli”, “Savio”, “Loptex” belli italýan firmalarynyň ýokary hilli tehnologik enjamlary oturdylandyr.

Bary-ýogy 5 ýylyň içinde Daşogzuň pagta egriji fabrigi dokma we trikotaž önümçiligi üçin niýetlenen “Ring” görnüşli hem beýleki belgili ýüz göterim tebigy süýümden halkalaýyn ýüplükleriň 33 müň tonnadan gowragyny çykardy.

Ýokary hilli bu önümleriň köp bölegi Ýewropa ýurtlaryna, Russiýa, Türkiýä we beýleki döwletlere eksport edilýär. Kärhana içerki bazaryň isleglerini-de kanagatlandyrýar.

Öndürilýän ýüplügiň hiliniň ýokarylygy fabrigiň girdejili işlemeginiň esasy özeni bolup durýar. 2015-nji ýylyň diňe ýanwar aýynda 624 tonna ýokary hilli pagta ýüplügi çykaryldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32 tonna köpdür. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru