Şwaýnştaýgeriň galtaşan janköýeri ýuwunmakdan ýüz öwürýär

00:1427.02.2015
0
2613

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

“Bawariýanyň” ýaşajyk janköýerleriniň kakasy toparyň ýarym goragçysy Bastian Şwaýnştaýgere hat ýazdy. Ol öz hatynda “Bastian galtaşanyndan soň, oglunyň çürt-kesik ýuwunmakdan ýüz öwürýändigini mälim etdi” diýip “Sports.ru” habar berýär.

“Anna güni “Bawariýanyň” awtobusy ugramaga taýýar bolup durdy, Siz bolsa ýadygärlik ýazgy bermäge gümrandyňyz. Soňra Siz meniň oglumyň başyny sypap, onuň ýagdaýlaryny soradyňyz. Bu meniň ogluma ýiti täsir etdi we siz galtaşanyňyz bäri ýuwunmagam islänok”.

Bastian Fasebookdaky sahypasynda ýerleşdirilen hatda jogap berdi.

“Gadyrdan Klaus Maýer, Fasebookdaky sahypamda galdyran habaryň üçin minnetdar. Men, hakykatdan-da, Siziň ogluňyzyň saçyny ýuwmak islemeýändiginiň sebäpkäri bolasym gelenok. Şonuň üçinem, Rafael saçyny ýuwdugy höwes bilen oňa kiçijik sowgat ýollaryn” diýip, futbolçy söz berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň