Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol komandalarynyň ýoldaşlyk duşuşyklary

00:0627.02.2015
0
3547

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň täze futbol möwsümi barha golaýlaýar. Şonuň üçin ýokary liganyň komandalary hem taýýarlyk işlerini aýgytly tapgyrda dowam edýärler.

Okuw-türgenleşik işleriniň ýoldaşlyk duşyşklary bilen utgaşykly alnyp gidilýändigi üçin janköýerleri şol oýunlaryň netijeleri has gyzyklandyrýar.

Milli liganyň komandalarynyň aglabasy ýoldaşlyk duşuşyklaryny öz ýurdumyzyň çäginde geçiurýärler. 

Olaryň arasynda daşary ýurtlarda taýýarlyk işlerini geçirip, beýleki döwletleriň wekilleri bilen güýç synanayşýanlary-da bar. 

Balkanabdyň "Balkany" Türkiýedäki okuw-türgenleşikleriniň çägindäki ýoldaşlyk duşuşygynda Gazagystanyň "Tobolyndan" 6:2 hasabynda utuldy.

Beýleki ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijeleri

«Asgabat» - «Dasoguz»–3:1

Pökgi geçirenler:Pirguly Saparow (1:0), Ruslan Kurbanow, penalti (2:0), Begli Owezow (2:1), Merdan Gurbanow (3:1).

***

 «Altyn asyr» - HTTU–2:1

Pökgi geçirenler: Hoşgeldi Hojowow, awtogol (0:1), Süleýman Muhadow(1:1), Pirmyrat Sultanow (2:1).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň