Soňky habarlar

Arhiw

Kazanda sport kinosynyň we telewideniýesiniň Halkara festiwalynyň dünýä çempionatynyň finaly geçiriler

14:2926.02.2015
0
3225

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

“Kazanda sport kinosynyň we telewideniýesiniň Halkara festiwalynyň dünýä çempionaty geçiriler” diýip, “Tatar-inform” habar berýär.

Ol 5-10-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada düýn “Tatar-inform” habarlar agentliginde guralan metbugat maslahatynda Sport kinosynyň we telewideniýesiniň Halkara federasiýasynyň prezidenti Franko Askani, RT-niň ýaşlar we sport işi boýunça ministriniň birinji orunbasary Halil Şaýhutdinow, festiwalyň baş menejeri Diýana Safarowa gürrüň berdiler.

Metbugat maslahatynda aýdylyşy ýaly, festiwal taryhda ilkinji gezek Russiýada, Kazanda, sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempňionaty bilen bir wagtda geçiriler.

Finaly Kazanda geçirmek kararyna Sport kinosynyň we telewideniýesiniň Halkara federasiýasynyň 2014-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Milanda bolup geçen Baş Assambleýasynda gelindi.

Öňki finallaryň ählisi — 32-si hem Sport kinosynyň we telewideniýesiniň Halkara federasiýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Milanda geçirilipdi.

Bäsleşigi geçirmek baradaky iş toparynyň şeýle karara gelmegine Tatarystanyň paýtagtynyň iri halkara forumlaryny geçirmek babatda toplan baý tejribesi öz täsirini ýetirdi.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň