Soňky habarlar

Arhiw

“Arsenalda” Bekhemleriň ikisi galar

01:4126.02.2015
0
3242

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

Belli futbolçy Dewid Bekhemiň uly ogly, 15 ýaşly Bruklin şu möwsümiň ahyrynda Londonyň “Arsenalynyň” akademiýasyndan çykarylar. Bu barada The Daily Mail habar berýär.

Neşirde aýdylmagyna görä, “Arsenalyň” akademiýasyndan köpler Bruklin bu ýerde öz ukyp-başarnygyna bil baglap däl-de, kakasynyň ady sebäpli okap ýör diýip hasaplaýarlar. Oýnaýyş derejesi deň-duşlarynyňkydan kän pes bolansoň, ol ýetginjekleriň arasynda Katarda geçirilýän ýaryşa gatnaşýan toparyň düzümine alynmady.

Şol bir wagtyň özünde oňa “Arsenalda” aýratyn hormat bilen garalýan 14-nji belgi berildi. Bilşimiz ýaly, bu belgide 1999—2007-nji ýyllar aralygynda we 2012-nji ýylda “topçularyň” öňki kapitany Týerri Anri oýnapdy.

Munuň özi hem akademiýanyň ýaş futbolçylarydyr janköýerleriniň arasynda nägilelik döretdi. Brukliniň täze möwsümde özüne başga topar gözlenmeli boljakdygyna garaşylýar.

Şonuň ýaly-da, “Arsenalda” onuň iki jigisi — Romeo we Krus galar.

Bruklin Bekhem “Arsenal” bilen 2014-nji ýylyň noýabrynda gysga möhlete niýetlenen şertnama gol çekipdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň