Gadymy golýazmalary öwrenmek boýunça merkez döredilýär

01:2726.02.2015
0
2638

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

“Tatarystan bilen Türkiýe gadymy golýazmalary öwrenmek boýunça merkez döredýärler” diýip, “novostititeratury.ru” habar berýär.

Türkiýe Respublikasynyň din işleri baradaky dolandyryş müdirliginiň ýolbaşçysy Mehmet Germeziň Tatarystanyň müftüsi Kamil Samigullin bilen Ankarada bolan duşuşygynda taraplar gadymy kitaplary we golýazmalary öwrenmek  boýunça merekez döretmek Kararyna geldiler.

Düli ýyllarda tatar din taglymatçylary tarapyndan döredilen müňlerçe işler häli-häzire çenli häzirki zaman diline geçirilenok. Olar ýeke-täk nusgada dünýäniň köp ýurtlarynyň, agramly bölegi bolsa Türkiýäniň uniwersitetlerinde saklanylýar.

Duşuşygyň barşynda taraplar, şeýle-de, XIX asyryň aýaklaryna XX asyryň başlaryna tatar ruhy halypalary tarapyndan döredilen işleriň ähmiýeti barada durup geçdiler. Samigullin bolsa öz gezeginde Germeze iki seýrek kitaby — tatar din taglymatçysy Gabdennasyr Kursawiniň işleriniň neşirlerini sowgat berdi.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň