Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýaly talyp-lukman Türkmenistanda tejribelik geçýär

00:5126.02.2015
0
11520

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. 

Baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ýakynda Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimiliýan adyndaky uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň talyby Býorn Babst Aşgabada geldi.

Ol 18-nji marta çenli paýtagtymyzdaky Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada amaly okuw, hünär tejribeligini geçer. Eýýäm çylşyrymly operasiýa hem gatnaşan talyba professor Kalin Wikol ylmy ýolbaşçylyk edýär.

Germaniýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde bilim alýan geljekki lukman Türkmenistanda hünär tejribeligini geçmek arkaly köp zatlary öwrenýändigini aýdýar.

Talybyň tejribelik üçin Türkmenistany saýlap almagy dünýä jemgyýetçiliginde türkmen lukmançylygyna ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň öz öňünde goýan maksadyna ýetendigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň