Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi

23:4125.02.2015
0
2899

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, mundan beýläkki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşdylar, milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen uzakmöhletleýin netijeli aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ýola goýdular.

Milli ykdysadyýetiň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, türkmen tarapynyň wekilleri biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukuklylyk esasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtadylar. Şu babatda daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, şol sanda Awstriýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, çykyş edenler ýurtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin  ähli şertleriň döredilýändigini — milli kanunçylygyň kämilleşdirilýändigini, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilýändigini bellediler.

Soňky ýyllarda Awstriýa Respublikasyny hem hasaba almak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen daşary söwda aragatnaşyklarynyň  oňyn tejribesiniň toplanandygyny nygtap, maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýet ulgamynda bolşy ýaly, medeni-gumanitar we ylym-bilim ulgamlarynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin örän amatly şertleriň döredilýändigini bellediler.

Milli Liderimiziň döwlet strategiýasynyň möhüm tarapy bolup çykyş edýän türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamynyň ösdürilişi barada hem myhmanlara jikme-jik habar berildi.

Öz gezeginde Awstriýa wekiliýetiniň agzalary häzirki wagtda ykdysady ösüşiniň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli aragatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga Awstriýanyň işewür toparlarynyň aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Maslahatyň çäklerinde ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň