Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady

23:1725.02.2015
0
2853

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýranyň “Pars Pegah Tejarat” sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu sergi forumyna eýran kompaniýalarynyň 120-siniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide awtomobil gurluşygy, gurluşyk senagaty, nebitgaz we elektroenergetika pudaklary, ýol-ulag pudagy, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň we tehnikalaryň,   alýuminden we plastikden metal gurnamalaryň, bezeg we timarlaýyş gurluşyk materiallarynyň, tehnologik materiallardan we senagat dokmasyndan dürli örtükleriň nusgalary we maketleri, hasaba alyş we paýlaýyş ulgamlaryň çylşyrymly abzallary giňden görkezildi. Her hili süýjülikler, kakadylan önümler, hoşboý ysly tagamlar, süýji-köke önümleri we konserwirlenen gök önümleriň dürli reňkli gaplary, şeýle hem dürli şireler, içgiler we gök çaýlar sergä gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Diwarlyklarda ýerleşdirilen gadymy eýran el halylary, owadan gap-gaçlar, sowgatlyklar we beýlekiler hem sergä özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar eýran halkynyň gadymy medeniýetiniň baý taryhynyň we sungatynyň esasyny düzýär.

Ykdysady sergä gelýänler üç günüň dowamynda täze tehnologiýalary we işleri görkezýän bu köpugurly sergi bilen has ýakyndan tanyşmaga, özara bähbitleriň esasynda geljekki meýilnamalary we işewür başlangyçlary kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.

Ertir türkmen-eýran işewürler maslahaty geçiriler, onuň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ösüşiň milli meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, geljekki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini, onuň has bähbitli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň