Gurban Berdiýewiň topary möwsüme taýýarlanýar

0
672
0
0

Aşgabat, 25.02.2015. «Türkmenportal».

Belli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän «Rostowy» Russiýanyň çempionatynyň ikinji ýarymyna taýýarlygyň çäklerinde geçirýän duşuşyklarynda şowly çykyş edýär.

Şu günler Don boýundaky şäherden bolan topar Türkiýäniň Belek şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde iki duşuşyk geçirip, olaryň ikisini hem ýeňişli tamamlady.

«Rostow» ilkinji oýunda Özbegistanyň «Gyzylgumundan» 4:0 hasabynda üstün çykdy. Ikinji duşuşykda Gazagystanyň «Atyrauna» garşy geçirildi. Ýeri gelende bellesek, «Rostowyň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen «Atyraunyň» baş tälimçisi Wladimir Nikitenko türkmen futbolynyň uçurymlarydyr. Olar ilki Aşgabadyň «Stroitelinde», soňra Alma-Atanyň «Kaýratynda» bile oýnapdylar. Duşuşyk barada aýtsak, ol 14:0 hasabynda rostowlylaryň peýdasyna tamamlandy.

Russiýanyň çempionatynda soňky orunda barýan «Rostow» gyşky arakesmeden soň, öz ilkinji duşuşygyny 8-nji martda Moskwanyň «Lokomotiwine» garşy geçirer.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru