Ýaş türgenler uşu boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler

00:1925.02.2015
0
7067

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Maryda tamamlanan uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş türgenleriň 100-e golaýyny ýygnady.

Bu ýaryş ýetginjekleriň arasynda awgust aýynda Hytaýda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk tapgyrlarynyň birine örüldi. Çempionata çenli galan wagtyň içinde Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň tälimçileri has mynasyp türgenleriň 8-sini  oglanlaryň 5-sini we gyzlaryň 3-sini ýüze çykarmaly. Olar şol abraýly ýaryşda biziň ýurdumyza wekilçilik ederler diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Ýaryşyň barşynda oglanlaryň arasyndaky agram derejeleriniň 10-synda we gyzlaryň arasynda agram derejeleriniň 7-sinde medallar üçin bäsleşildi.

Şeýlelikde, ýetginjekler toparynda aşgabatlylar – Baýrammyrat Babaýew (48 kilograma çenli), Annageldi Agamyradow (52 kilograma çenli), Mergen Geldiýew (56 kilograma çenli), Rahat Rahymow (60 kilograma çenli), Geldimyrat Ataýew (65 kilograma çenli), Muhammet Gurbanow (75 kilograma çenli) we Sapar Saparow (85 kilograma çenli) altyn medallaryň 7-sini gazandylar.

Birinji orunlaryň ikisini maryly türgenler – Döwran Meredow (70 kilograma çenli) we Rahym Orazdurdyýew (85 kilogramdan ýokary) eýelediler we bir altyn medala ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň wekili Eziz Gylyjow (80 kilograma çenli) mynasyp boldy. 

Gyzlaryň arasynda daşoguzly türgenler ýedi agram derejesiniň altysynda ýeňiş gazandylar. Olardan Aýgözel Gurbangeldiýewany (48 kilograma çenli), Ogulnur Hudaýbergenowany (56 kilograma çenli), Merjen Saparowany (60 kilograma çenli). Baýrambibi Nurmuhammedowany (65 kilograma çenli), Şemşat Güljanowany (70 kilograma çenli) we Akjemal Akjaýewany (75 kilograma çenli) görkezmek bolar. Diňe 52 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna maryly türgen Jennet Atabaýewa çykdy.

Umumy toparlaýyn ýaryşda Ýazmyrat Annamyradowyň, Şirmyrat Berdiýewiň we Ylýas Nuryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän aşgabatlylar birinji orny eýelediler. Ikinji orna Daşoguz welaýatynyň topary — Döwletgeldi Sapardurdyýewiň şägirtleri mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa ýer eýeleriniň topary – maryly türgenler (tälimçi Sylap Ataýew) eýelediler.

Aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburgda “Gündogar-Günbatar” söweş sungatlarynyň IX Olimpiadasy geçiriler. Onuň maksatnamasyna uşu-sanda (tutluşyklar) boýunça hem ýaryşlar girýär. Bu ýaryşda ulularyň arasyndaky tutluşyklar bilen bir hatarda ýetginjekler toparynda hem medallar ugrunda bäsleşiler. Onuň netijeleri boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndynyň düzümi kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň