Türkmen-awstriýa gatnaşyklary pugtalandyrylýar

21:5924.02.2015
0
3209

Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Iş toparynyň agzalary energetika we ekologiýa, dokma we azyk senagatynda, oba hojalykda, gurluşykda, saglygy goraýyşda we derman senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telekeçilik ulgamy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunda öňde durýan türkmen-awstriýa işewürler maslahatyna wajyp ornuň degişlidigi aýdyldy. Onuň dowamynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde anyk ädimler kesgitlener.

Iş toparynyň agzalary syýahatçylyk ulgamynda, medeni we gumanitar gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler. Öňdebaryjy ylmy merkezleriň we bilim ulgamyna degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hem duşuşykda garalan meseleleriň biri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň