Talyp alyşmagyň Halkara maksatnamasy

0
722
0
0

 Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

Talyp alyşmagyň Halkara maksatnamasy (Global UGRAD) — bu ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeni meýilnamalar bölüminiň maksatnamasydyr. UGRAD maksatnamasy ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna 1 akademiki ýarymýyllygyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetlerinde ýa-da kollejinde okuw geçmek mümkinçiligini hödürleýär. Talyplar maksatnamanyň çäklerindäki dersleri tamamlansoňlar, öz ýurtlarynda bolmanda okuw ýylynyň ýarpy bölegini okamalydyrlar. Maksatnama gatnaşyjylar açyk bäsleşik esasynda saýlanyp-seçilýär.

Bäsleşikden üstünlikli geçenler akademiki maksatnamanyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetiniň ýa-da kollejiniň gündizki bölüminde okarlar. ABŞ-nyň çägindäki bolýan şäherinde 20 ýa-da ondan hem gowrak sagatlaryny jemgyýetçilik-peýdaly işlerine sarp ederler, şeýle-de, hünär kämilligi işlerini geçerler.

Haýyşnama beren pursadynda 1-nji ýyl talyplary bolanlar kabul edýän maşgalalarda ýa-da umumyýaşaýyş jaýlarynda ýaşap, iki ýyllyk kollejlerde okarlar. Beýleki talyplaryň ählisi umumyýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bilen, dörtýyllyk kollejlerde ýa-da uniwersitetlerde bilim alarlar.

Maksatnama doly derejede maliýeleşdirmegi, şol sanda J-1 amerikan wizasyny açdyrmaga ýardam bermegi, öz şäheriňden ABŞ-nyň kabul edýän uniwersitetine çenli we gaýdyşyn ýol tölegini, bölekleýin medisina ätiýaçlandyrmasyny, ABŞ-da okamagyň, ýaşamagyň we iýmitlenmegiň tölegini, aýlyk talyp hakyny, okuw kitaplaryny satyn almak üçin serişdeleri bölüp bermegi üpjün edýär.

Haýyşnama bermegiň möhleti 2015-nji ýylyň 27-nji fewralyna çenlidir.

Has doly maglumat almak üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Habarlar we medeniýet bölümine 47-35-03 goşmaça 231 telefon belgisi, AshgabatEducation@state.gov elektron poçtasy we www.worldlearning.org/ugrad saýty boýunça ýüz tutup bilersiňiz.        

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru