Aşgabatda afroamerikan taryhyna bagyşlanan fotosergi öz işine başlady

0
486
0
0

Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän fotosergi 23-nji fewralda öz işine başlady.  

Türkmenistanyň paýtagtyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde dowam edýän fotosergi tanymal fotograf Dario Kalmesiň gatnaşmagynda geçirilýär.

Afroamerikan taryhynyň biraýlygyna bagyşlanan bu medeni çäräniň 27-nji fewralda ýapylyşy bolar.

Meşhur alym we taryhçy Karter Wudson tarapyndan 1926-njy ýylda afroamerikan taryhynyň hepdeligi esaslandyrylýar.

1976-njy ýylda ABŞ-nyň 200 ýyllyk baýramy bellenilip, şol ýylda bu hepdelik biraýlyga öwrülýär. Indi 30 töweregi wagt bäri dünýä ýurtlarynda afroamerikan taryhynyň biraýlygy geçirilip gelinýär. Soňky ýyllarda bu çäre Türkmenistanda-da yzygidelri guralýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru