Soňky habarlar

Arhiw

Köp mukdarda ygal düşmegi netijesinde Türkmenistanda bugdaý başlarynyň kemala gelşiniň oňat ýagdaýdadygyny görmek bolýar

14:5124.02.2015
0
5071

 Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

Ýurdumyzyň umumy meýdany 860 müň gektara barabar bugdaý ekilen zolaklarynda ekinlere ideg etmek işi dowam etdirilýär. Ösüş suwuny tutmak, dökün bilen iýmitlendirmek, haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri alnyp barylýar. Bu işlerde “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň kömeginden peýdalanylýar diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Meýdanlardan bol hasyl almaga bugdaýyň boý almagy we ösmegi üçin amatly bolan howa şertleri-de ýardam edýär. Hünärmenleriň baha bermegine görä şu günler köp mukdarda ygal düşmegi we howanyň ýokary bolmadyk temperaturasynyň saklanmagy netijesinde bugdaý başlarynyň kemala gelşiniň oňat ýagdaýlardadygyny görmek bolýar.

Gallaçylar bugdaý gögerijiligini we ösüşini gazanmakda Lebap welaýatynyň birnäçe etraplarynda ýokary netijeleriň gazanylýandygyny belleýärler. Welaýatda bu ekin 175 müň gektar meýdanda ýetişdirilip, geçen ýyl hem güýzlük bugdaýyň bol hasyly ýygnaldy. 180 müň gektar meýdana bugdaý eken Watanymyzyň demirgazyk sebitiniň gallaçylary-da gögerijilik gazanmakda tapawutlandylar.

Ýurdumyzda iň köp bugdaý zolagy Ahal welaýatyna degişli bolup, ol 225 müň gektara uzaýar. Mary welaýatynda 200 müň gektary, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň gektary bugdaýly meýdanlar tutýar. Umuman, şu ýyl edermen gallaçylarymyz ýurt boýunça 1 million 600 müň tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň