Soňky habarlar

Arhiw

Çygly fewral

12:1723.02.2015
0
3671

Aşgabat, 23.02.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabatda soňky üç günde ygalyň 2 aýlyk normasy ýagdy.

Diňe fewralyň 21-nden 22-sine geçilen gijede düşen ygal aýlyk norma deň boldy.

 Bolluk bilen ýagan bu aýda ähli rekordlary täzeledi. 2015-nji ýylyň fewraly iň bolmanda soňky 78 ýylyň içinde iň ygally aý boldy.

Öň bu rekord 1978-nji ýyla degişlidir.

Häzirki wagtda eýýäm ygalyň 3,6 aýlyk normasy ýagdy we bu möçber artmagyny dowam etdirýär.

Bu bahar Köpetdagyň eteginde bol otly öri meýdanlaryny, ýerasty suwlaryň ep-esli ätiýaçlygyny, dagýaka zolakdaky suw howdanlarynyň üstüniň ýetirilmegini, düme galla ekinleriniň bol hasylyny wada berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň