Türkmen küştçüleri Eýranda “Hazaryň Kubogy” halkara ýaryşynda tapawutlandylar

12:1223.02.2015
0
4713

Aşgabat, 23.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmen küştçüleri ýakynda Reşt şäherinde (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan “Hazaryň Kubogy” halkara küşt ýaryşynda iki: kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Eýranyň hazarýaka şäherine 12 döwletden, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Litwadan we beýleki ýurtlardan elliden gowrak küştçi gatnaşdy. Olar dört toparçada medallar ugrunda güýç synanyşdylar.

Türkmenistanlylar medallary “C” toparçasynda gazandylar. FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ýurdumyzyň hereket edýän çempiony şweýsar usulynda 9 tapgyrda geçirilen ýaryşda diňe ýer eýesinden ýeňlip, 7 utuk toplady. Üçünji orny eýelän FIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa hem şonça utuk bilen ýaryşy jemläp, diňe koeffisiýent boýunça Barardan yza galdy. Meňli Öwezowa bu toparçada 6,5 utuk bilen dördünji orna düşdi.

Erkekleriň arasynda “B” toparçasynda 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä Uniwersiadasyna gatnaşyjy Haýrulla Haýtbaýew mümkin bolan 9-dan 7 utuk toplady we 4—12-nji orunlary eýelänleriň hataryna girdi. Oňa medal gazanmaga bary-ýogy 0,5 utuk ýetmedi.

Suratda: FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň