AFK-nyň prezidentiniň kubogynyň eýesi Türkmenistanyň I ligasynyň ýeňijisi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

0
664
0
0

Aşgabat, 23.02.2015. “Türkmenportal”.

Düýn paýtagtymyzyň HTTU  komandasy Marynyň “Energiýaçysy” bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu oýunda paýtagtly futbolçylar 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. Emma ikinji ýarymyň 55-nji minutyndan başlap, futbolçylar has tijenip ugradylar.

Gurbangeldi Batyrowyň 5 minutyň dowamynda (55-nji we 60-njy minutlarda) tora salan iki goly paýtagtly futbolçylary biraz arkaýynlaşdyrdy.

Şeýlelikde, 78-nji minutda Arslan Bazarow hasaby 2:1-e ýetirdi.

Şondan 4 minut soňra Mary welaýatyna wekilçilik edýan komanda hasaby deňlemäge mümkinçilik aldy. Emma Arslan Weliýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Eminiň esasy wagta goşan 4-nji minutynda Perhat Podarow oýnuň soňky nokadyny goýdy-3:1.

Paýtagtymyzyň HTTU komandasy geçen ýyl AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň iň soňky ýeňijisi bolmagy başardy. Marynyň “Energiýaçy” komandasy bolsa I liganyň birinjiliginde ýeňiji bolup, şu möwsümde ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru