Täleýnama: 23-nji fewral-1-nji mart

0
1893
5
1

 Aşgabat, 23.02.2015. «Türkmenportal».

Guzy – 21.03 - 20.04

Hepdäniň Guzylar üçin oňaýly bolmagyna garaşylýar. Özüňiziň ýakyn geljek üçin meýilnamalaryňyzy gizlin saklaň! Goý, bu golaýlaryňyz üçin garaşylmadyk ýakymly täzelik bolsun, özgelere bolsa ony bilmegiň asla geregi hem ýok. Penşenbe hem-de anna günleri işdeşleriňiz ýa-da dostlaryňyz işden soň oturyşmagy, pikir alyşmagy teklip etseler, ondan ýüz öwürmäň! Hepdäniň ahyrynda döredijilik hyjuwyňyz gaýnap-joşar, sizde köp sanly ideýalar dörär.   

Öküzçe – 21.04 - 21.05

Öküzçeler üçin bu hepde seýrek asuda hem-de netijeli bolar. Eger batyrgaýlyk we aýgytlylyk görkezseňiz, eýýäm duşenbe gününden köp zatlara ýetişersiňiz. Çarşenbe güni täze habarlary ýygnamak we olary özleşdirmek üçin örän oňaýly. Penşenbede syýahat we gezelenç netijeli bolar. Anna güni ýolbaşçyňyz bilen araňyzy sazlamaga çalşyň! Özüňiziň ugurtapyjylygyňyz bilen köp zady gazanyp bilersiňiz. Dynç günlerini özüňize we maşgalaňyza bagyşlaň. 

Ekizekler – 22.05 - 21.06

Ekizeklere hepdäniň başynda öňki eden işlerini seljermek, başdansowmalyk eden ýerlerini düşetmek maslahat berilýär. Size ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, öňe hereket etmek gerek. Çarşenbe we penşenbe günleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, möhüm tanyşlyklary we bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek zerur. Size köpçülikde özüňizi görkezmek  aňsatlyk bilen başardar. Şenbe güni täzelik etjek bolmaň, duşuşyklary soňa goýuň!

Leňňeç – 22.06 - 22.07

Leňňeç üçin hepde oňaýly bolar. Üstünlikleriň «altyn açary» eliňize düşer, özüňiziň güýç-güýratyňyza ynamyňyz artar. Yhlasly zähmetiňiz ajaýyp miwelerini berip başlar, sylagdyr baýrak almagyň wagty ýetdi. Siziň abraýyňyz ýokary derejede, töweregiňizdäkiler siziň pikirleriňizi diňläp, maslahat sorar. Ýöne men-menlik etmäň, özüňizi salyhatly alyp baryň. Sizde ähli zatlara täzeçe garaýyş we täze ideýalar dörär. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz gowulanar.  

Ýolbars – 23.07 - 23.08  

Ýolbars üçin bu hepde örän netijeli, wakalara juda baý bolar. Töweregiňizde juda täsin zatlar bolup geçer, hiç zady ünsden düşürmäň, hemme zada ýetişmäge, hemmeler bilen aragatnaşykda bolmaga çalşyň. Näçe işjeň, çakgan hem çeýe bolsaňyz, şonça-da köp iş bitirersiňiz hem-de köp zatlary öwrenersiňiz. Anna güni öwrülişiklerden gorkup, hötjetlik etmejek boluň! Töweregiňizi gurşap alanlaryň akylly maslahatyny diňläň, peýdasy deger. 

Gyz – 24.08 - 22.09

Bu hepde Gyzlar üçin birneme çylşyrymlyrak bolar. Duşenbe güni täze meýilnamalara başlamaga howlukmaň, öňden galan işleriňizi tamamlajak boluň! Çarşenbe güni gijä galmazlyk, aýratynam işe öz wagtynda ýetişmek möhüm. Penşenbe güni haýal-ýagallyk etmän, aýgytly herekete geçmek maslahat berilýär. Bu hepdede siz durmuşyňyzy çylşyrymlaşdyrýan zatlardan saplanmak üçin güýç sarp etmeli bolarsyňyz. Şenbe güni dostlar bilen duşuşyk netijeli bolar.    

Terezi – 23.09 - 22.10

Tereziler üçin şu hepdede täze mümkinçilikler açylar, size ýagdaýlary gowy seljermek örän zerur. Işiňiz hem maddy, hem ruhy kanagatlanma bagyşlar. Çarşenbe güni iş sapary, şeýle-de göwün açyjy gezelenç peýdaly bolar.  Döredijilikli işleseňiz üstünlik gazanarsyňyz. Wezipe basgançagynda ýokary göterilmek özüňize bagly, täze işleriňiz we başlangyçlaryňyz bilen ýolbaşçyňyzyň ünsüni çekiň! Dynç günleri ýakynlaryňyz bilen tersleşmejek boluň! 

Içýan – 23.10 - 21.11

Içýanlara bu hepdede öz güýjüne laýyk iş bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Köp zada güýjüňiziň ýetmezligi mümkin. Üstünlikleriňiz kynçylyklary näderejede ýeňip geçişiňize bagly bolar. Çarşenbe güni köpden bäri ynjalyk bermeýän meseläniň çözgüdini taparsyňyz öz saglygyňyz barada aladalanmagyň, diş lukmanyna görünmegiň gerek bolmagy mümkin. Hepdäniň ahyrynda ähli kynçylyklar aradan aýrylar. Şenbe güni dostlar bilen duşuşyk göwnüňizi açar. 

Keman 22.11 - 21.12

Keman şlaryň bu hepdede gahar-gazaba münmegi mümkin. Şonuň üçin ýyldyzlar olara öz duýgularyny birneme «jylawlamak» gerekdigini duýdurýarlar. Bu olara wakalary duşdan geçirmezlik, olary üns merkezinde saklamak üçin zerur. Penşenbe güni iş babatda gyzykly teklip ediler. Hepdäniň ikinji ýarymynda keýpiňiz göteriler. Özüňiziň iň bir bolgusyzja zatdanam gowy zady döredip bilýändigiňizi unutmaň! Dynç günleri maşgalaňyz bilen dynç alyň!  

Owlak – 22.12 - 20.01

Owlaklar bu döwürde özleriniň şahsy durmuşyny gowulandyryp bilerler. Siz adamlara we öz duýgularyňyza ynanyň. Işde özüňiziň çalşyp bolmaýan işgärdigiňizi daşyňyzdakylara ýeňillik bilen subut edersiňiz. Ýöne size men-menlik etmezlik maslahat berilýär. Käbir ýagdaýlarda okgunly herekete geçiň, ýöne güýjüňizi hem aýaň! Meseleleri oňyn çözmekde guramaçylyk, oýlanyşyklylyk we ätiýaçlylyk kömek eder. Iş bilen dynç alşy utgaşdyrsaňyz kem bolmaz.  

Gowa – 21.01 - 19.02

Gowalara bu hepdede ýagdaýlary dogruçyl kesgitläp, öz mümkinçiliklerini ölçerip-dökmek, işde eginlerine artykmaç ýük almazlyk gerek. Bir wagtda birnäçe işi birden bitirjek bolmaň. Uka, dynç alşa, gezelenje we maşgala gatnaşyklaryna, çagalara güýmenmäge hem wagt galdyrmalydygyny ýatda saklaň! Anna güni ykbalyň täze dost bagyşlamagy mümkin. Çakylykdan ýüz öwürmäň, size ýürekdeş dost, gowy gürrüňdeş garaşýar.

Balyk – 20.02 - 20.03

Balyklara bu hepdäniň başyndan gaharjaň häsiýetli, durmuşa ýakymsyz garaýyşly adamlardan çetde durmak maslahat berilýär. Ýogsa şeýle adamlaryň ýaramaz täsirine düşmegiňiz mümkin. Çarşenbe güni täze girdejili işiň ýa-da gysga wagtlaýyn goşmaça zähmet hakynyň teklip edilmegi mümkin. Öz-özüňizi diňläň, içki pikiriňiz sizi aldamaz. Işdeş ýoldaşlaryňyzdan öňe saýlanjak bolmaň, olar bilen aýakdaş hereket ediň! Penşenbe gününden başlap iş sapary we syýahat oňaýly bolar.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru