23-nji fewral taryhda

00:1023.02.2015
0
15270

Aşgabat, 23.02.2015. “Türkmenportal”.

Russiýa, Belarus, Gyrgyz Respublikasy, Ukraina, Täjigistan — Watan goragçysynyň güni.

Bruneý — Garaşsyzlyk güni.

Gaýana — Respublikanyň güni (1970).

2008-nji ýyl — Tanegasima kosmodromyndan PH H-IIA-nyň kömegi bilen Kizuna ýapon telekommunikasiýa hemrasynyň üstünlikli uçuşy amala aşyryldy.

1993-nji ýyl — Ruby programmalaşdyryşyň dili döredildi.

1947-nji ýyl — standartlaşdyrmak boýunça Halkara guramasy esaslandyryldy (ISO).

1941-nji ýyl — ilkinji gezek plutoniý alyndy.

1893-nji ýyl — Rudolf Dizel dizel desgasyny gurmaga patent aldy.

1874-nji ýyl — iňlis maýory Uolter Uingfild “Sphairistike” diýip atlandyran oýnuny patentleşdirdi. Bu oýun häzir tennis ady bilen bellidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň