Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2015-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edildi

0
1769
0
0

Aşgabat, 22.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2015-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany hem-de şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Bu taslama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Içeri işler ministrligi, degişli ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.

Bu maksatnama ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna we şu ugurdaky işiň yzygiderli dowam etdirilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda iki ýyldan bäri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk guralyp gelinýär.

Giň gerimli bu çäräniň dowamynda ilat arasynda, şol sanda mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň öwredilmegine, ýol-ulag hadysalary bilen baglylykda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş işleri yzygiderli geçiriler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru