Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Russiýanyň komandasyndan utuldy

00:3222.02.2015
0
2830

Aşgabat, 22.02.2015. «Türkmenportal».

«21-nji fewralda «Wolgar» (I liganyň komandasy) Türkiýede nobatdaky barlag oýnuny geçirdi. Astrahanlylar Türkmenistanyň güýçli komandasy – ýurduň birnäçe gezek çempiony “Balkan” bilen duşuşdylar. Garşydaşymyz özüni ykjam we erjel kollektiw hökmünde görkezdi» diýip, Russiýanyň komandasynyň resmi saýty («volgar-fc.ru») ýazýar.

Bu oýunda iki tarapam howply pursatlary döretdi. Ýöne türkmen futbolçylaryndan tapawutlylykda garşydaşlarymyz öz mümkinçiliklerini elden gidermediler.

Netijede 27-nji minutda Ruslan Bolow hasaby açdy. 73-nji minutda bolsa Mingiýan Beweýew hasaby 2:0-a ýetirdi.

Duşuşygyň galan wagtynda hasap üýtgemedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň