Soňky habarlar

Arhiw

22-nji fewral taryhda

00:2222.02.2015
0
3778

 Aşgabat, 22.02.2015. «Türkmenportal».

Müsür, Agzybirlik güni.

Hindistan, Enäniň güni.

Katar, Emiriň tagta çykan güni.

Gyrgyz Respublikasy, ýer abatlaýyş, geodeziýa we kartografiýa işgärleriniň güni.

Meksika, Milli matam güni.

Sent-Lýusiýa, Garaşsyzlyk güni.

Ýaponiýa, pişigiň güni.

Islandiýa, zenanlaryň güni.

2010-njy ýyl — Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. HGHK-niň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilliginiň başlygy Iw Jowannoni we onuň orunbasary Fransua Blansi Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

2000-nji ýyl — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Russiýa bilen medeni gatnaşyklar baradaky merkez açyldy.

1966-njy ýyl — üsti Şemaljyk hem Kömürjik atly itli «Kosmos-110» hemrasy uçuryldy.

1946-njy ýyl — lukman Jelman Waksmon streptomisin antibitigini açdy.

1829-njy ýyl — Russiýa bilen Persiýanyň arasynda Turkmançaý parahatçylykly ylalaşygy gazanyldy.   

1963-njy ýyl — iňlis koloniýaçylary ilkinji gezek patrak iýip gördüler. Ony olara Kwodekuaýn atly indeý hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň