Türkmen talyplary internet Olimpiadasynyň ýeňijisi boldular

0
840
0
0

 Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň zähmetiň ykdysadyýeti we bazary hünäriniň 3-nji ýyl talyby Gunça Hojagulyýewa bilen ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şirin Mämmedowa ýakynda sosiologiýa dersi boýunça Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilen Halkara internet Olimpiadasynyň ýeňijileri boldular” diýlip, “Türkmenistan” gazetinde çap edilen habarda bellenilip geçilýär.

 Talyp gyzlarymyzyň ýerine ýetiren ýumuşlary, şeýle-de orta atylan temalar boýunça olaryň garaýyşlaryny beýan edişleri häzirki döwürde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan durmuş hadysalaryndan oňat baş çykarýandyklaryny görkezdi. Şeýlelikde, türkmenistanly gyzlaryň işine eminler tarapyndan ýokary baha berlip, olar dürli ýurtlara wekilçilik edýän 34 talybyň arasynda öňe saýlanmagy başardylar.

Gunça Hojagulyýewa  bilen Şirin Mämmedowa Kazanda guralan Halkara internet Olimpiadasyna Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy Maýagözel Babaýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru