Soňky habarlar

Arhiw

Derweze etrabynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhana gurlar

07:3721.02.2015
0
4988

Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”.

“2012-2016-njy ýyllarda gurluşyk, energetika we senagat pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda aýna önümleri babatda bildirilýän islegi doly kanagatlandyrmak maksady bilen Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Täze senagat desgasy gurlar. “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň ýanynda ýerleşýän kärhanada çig maly ulanmak arkaly, aýnanyň dürli görnüşlerini hem-de döwrebap usul boýunça aýnadan taýýar önümi öndürmek özleşdiriler.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Edison Technologes KG” maslahat beriji kompaniýa bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylardan gelip gowşan teklipleriň seljerilmegini we baha berilmegini barlamak, kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny saýlap almak, degişli resminamalary halkara ölçeglere görä taýýarlamak boýunça uly işler geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim şirketi” türk kompaniýasy potratçy hökmünde kesgitlendi.

Senagat desgasynda önümçiligiň tutuş düzümi boýunça tehnologik amallar göz öňünde tutuldy, bu ýerde çig mal taýýarlamak boýunça bölüm, erediji bölüm, dürli ölçegdäki we galyňlykdaky aýnalary öndürmek boýunça bölüm, taýýar aýnany öndürmek boýunça bölüm bar. Kärhanada dury hem-de dürli reňkli gurluşyk aýnalaryny, ýylda jemi 7 200 müň inedördül metrlik laminirlenen we 4 millimetr galyňlykdaky aýnalary we aýna gaplaryny, şeýle hem 85 million sany dürli görnüşli çüýşeleri hem-de derman senagatynda ulanylýan 0,3-den 3 litre çenli göwrümdäki suwuklyklar we gerdejikler gaplanjak lukmançylyk aýna gapjagazlaryny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtlaryň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň, dürli aýna önümleriniň önümçiligi ýaly geljegine uly umyt baglanýan ulgamyň işi has-da pugtalandyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň