Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň duşuşyklary türkmen telewideniýesinde ilkinji gezek göni ýaýlymda görkezildi

17:4620.02.2015
0
5581

Aşgabat, 20.02.2015. «Türkmenportal».

Türkmenistanly futbol muşdaklary indiden beýläk UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň duşuşyklaryna milli telewideniýe arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Bu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan işläp başlan «Türkmenistan: sport» teleýaýlymynyň futbol söýüjilere taýýarlan özboluşly sowgadydyr. Geçip barýan hepdede türkmenistanly futbol söýüjiler Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda PSŽ-«Çelsi», «Şalke»-«Real», Ýewropa ligasynda bolsa «Liwerpul»-«Beşiktaş» duşuşyklaryna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Häzirki wagtda ildeşlerimiz bu teleýaýlym arkaly Ispaniýanyň, Angliýanyň çempionatlarynyň we Kuboklarynyň, Italiýanyň, Fransiýanyň milli birinjilikleriniň  şeýle hem NHL we KHL hokkeý çempionatlarynyň gyzykly duşuşyklaryna, dünýä belli Formula-1 awtoýaryşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler.

«Türkmenistan: sport» teleýaýlymynda habar berlişi ýaly, gelejekde NBA-nyň basketbol duşuşyklaryny, Ýeňil atletika boýunça iri bäsleşikleriň we Uimbldon tennis ýaryşynyň tolgundyryjy pursatlaryny tomaşaçylara hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň