Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň 100 metr beýikligi bolan sütüni dikeldiler

08:4920.02.2015
0
9003

Aşgabat, 20.02.2015. “Türkmenportal”.

 Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň 100 metr beýikligi bolan sütüni dikeldiler.

Ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen Türkmenistanyň prezidentiniň Kararyna laýyklykda, welaýatlaryň häkimliklerine gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň martynda girişmek tabşyryldy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütünleri Lebap we Mary welaýatlarynda 2015-nji ýylyň iýunynda, Daşoguz welaýatynda iýulynda, Balkan welaýatynda bolsa awgustda doly taýýar edilip, ulanyşa girizmek bellenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň