Türkmenistanly ekipažyň “Dakar”-da çykyş eden “G-Force Proto” topary möwsümiň ilkinji ralli ýaryşyna gatnaşýar

0
616
0
0

 Aşgabat, 20.02.2015. “Türkmenportal”.

“Russiýanyň  “G-Force Proto” komandasynyň wekilleri 20-22-nji fewralda möwsümiň ilkinji ralli-reýd ýaryşynda öz başarnyklaryny görkezerler” diýip, www.gfmsport.com” saýty habar berýär.

Ýaryşa gatnaşmaga 39 ekipaž isleg bildiripdir. Olaryň 26-sy dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşýan komandalardyr. Sürüjileriň arasynda Russiýada we dünýäde giňden tanalýanlarynyň hem ençemesiniň, şol sanda bir aý mundan ozal “Dakar-2015”-de çykyş edenleriň bardygyny bellemelidiris.

Gürrüňi edilýän ralli-reýd şol bir wagtda dünýä kubogynyň ýaryşyny hem-de Russiýanyň çempionatyny öz içine alýar. “G-Force Proto” komandasynda Andreý we Wladimir Nowikowlar çykyş ederler. Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup, olaryň ilkinjisi ýakyn aralyga (9,5 kilometr), soňky ikisi uzak aralyga (hersi 159 kilometr) guralar.

 Sankt-Peterburgyň “G-Force Proto” awtosport komandasynyň sürüjileriniň şu ýyl “Dakar-” marafonyna gatnaşdygyny ýatladýarys. Günorta Amerikanyň çägindäki ýaryşlarda “G-Force Proto” komandasy iki düzümde çykyş etdi. Olaryň birinde türkmenistanly sürüji Şamyrat Gurbanow bilen ýolbelet Rafael Gaýnullin ilkinji gezek “Dakar” ýaryşynyň synagyndan geçdi. Şeýle-de Sankt-peterburgly ekipaž (Sergeý fomin bilen Dan Şemel) “G-Force Proto” komandasyna wekilçilik etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru