Soňky habarlar

Arhiw

20-nji fewral taryhda

07:1520.02.2015
0
3019

Aşgabat, 20.02.2015. “Türkmenportal”.

Durmuş adalatlylygynyň Bütindünýä güni.

ABŞ, Almanyň güni.

Islandiýa, pirožnileriň güni.

Belarus Respublikasy, Ýaragly güýçleriň ideologiýa işgärleriniň güni.

2000-nji ýyl — Gazagystanda Žogorku Keneşe (parlament) saýlawlar geçirildi.

1999-njy ýyl — “Mir” hemra stansiýasynda Soýuz Tm-29 iň soňkynyň öň ýanyndaky ýoluna ugrady.

1988-nji ýyl — “Agata Kristi” rok-topary döredildi.

1986-njy ýyl — “Mir” ylmy stansiýasy asman giňişligine çykaryldy.

1962-nji ýyl — Ýeriň daşyndan üç gezek aýlanyp, Jon Glenn asman giňişligine ilkinji amerikan uçuşyny amala aşyrdy.

1940-njy ýyl — ilkinji gezek ekranlarda Tom we Jerri multiplikasiýa jübüti peýda boldy. Tom atly pişigiň we Jerri atly syçanjygyň gatnaşyklary baradaky belli multserial Uilýam Hanna we Jožef Barber tarapyndan döredildi. Soňlugy bilen bu hyzmatdaşlyk Hanna-Barber studiýasynyň döremegine getirdi.

1922-nji ýyl — Wilen seými Wilnýusyň we onuň günorta-gündogar böleginiň Polşa birikdirilýändigi hakynda karar kabul etdi.

1872-nji ýyl — Nýu-Ýorkda metropoliten-muzeý açyldy. Bu başlangyç amerikan suratkeşlerine degişlidir.

1819-njy ýyl — Sankt-Peterburgyň Döwlet uniwersiteti esaslandyryldy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň